Dalaşgärler üçin

1308


DAŞOGUZ WELAÝAT MALIÝE-YKDYSADY ORTA HÜNÄR OKUW MEKDEBI 
2022/2023-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça 
talyplyga kabul edýändigini yglan edýär:

  1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy. 
  2. Maliýe we karz. 
  3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş. 
  4. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.
  5. Bank işlerini programmirlemek.
  6. Salgytlar we salgyt salmak. 
Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Daşoguz welaýatynda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.
Okuwyň möhleti 2 ýyl. 
Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Daşoguz şäherinde 2022-nji ýylyň 11-nji iýuly — 13-nji awgusty aralygynda kabul edilýär. 
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: 
  • bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza; 
  • bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 
  • bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
  • Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 
  • soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
  • bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil haty; 
  • 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 
  • işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 
  • okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri‚ halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar. 
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 
  • şahsy pasportyny; 
  • harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. 
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler. 
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde (Daşoguz ş.) 2022-nji ýylyň awgust aýynyň 16 — 17-si, 19-y we 20-si günlerinde geçirilýär. 
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär. 
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. 
Okuw dersler boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. 
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän dalaşgärler peýdalanýarlar. 

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy: Daşoguz welaýaty, Daşoguz ş., Merkez-1 şäherçesi, 5/2, tel.: 9-09-22.

  

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42