Göterim nähili hasaplanýar - karz alnanda ýa-da depozit goýulanda
1188Bu sorag aňsat ýaly bolup görünse-de, kämahallar tölemäge ýa-da almaga degişli göterimleriň möçberini hasaplamakda kynçylyk çekilýär. Munuň üçin başlangyç matematika derslerinden baş çykarmak ýeterlikdir.
Ilki bilen göterim hasaplanşynyň usullary barada durup geçeliň. Alnan karza, goýulan depozide ýa-da beýleki möhletli şertnamalar üçin adatça göterimler iki usulda hasaplanylýar, olar – ýönekeý we çylşyrymly usullar. Köplenç göterimler ýönekeý usulda hasaplanylýandygy üçin şol barada durup geçeliň.
Bu hasplamada bir ýyldaky ortaça 365 ýa-da 366 gün ulanylýar. Göterimleri hasaplamak üçin ilki bilen elimizde degişli maglumatlar bolmaly, olar;
pul möçberi,
göterimiň derejesi,
berginiň ulanylan gün sany.
Berginiň göteriminiň derejesi adatça ýyllyk esasda alynýar, meselem, 100 000 (bir ýüz müň manat) karz aldyňyz diýeli, eger ýyllyk 5 göterim tölemek şerti bellenen bolsa onda 1 ýyl geçenden soň göterim töleginiň möçberi 5000 manat bolardy (100 000 X 5/100 = 5000).
Eger-de aýda 5 göterim tölemek şerti bellenen bolsady onda her aýyň soňuna 5000 manat, ýagny ýyllyk 60 000 manat (12 X 5000) çemesi tölemeli bolardyk, şonuň üçin hem göterimiň derejesi bilen bir hatarda haýsy möhlet üçin ulanylýandygyny bilmek hem möhümdir.
Ýokardaky mysalda göterimiň ýyllyk hasaplanşynyň mysalyna seretdik, emma, göterimiň derejesi ýyllyk esasda bellenilse hem, köp halatlarda göterimler her aý hasaplanylýar we tölenilýär.
Geliň ýokardaky mysalymyza gaýdyp geleliň, ýagny, 100 000 manat möçberinde ýyllyk 5 göterim bilen karz aldyk diýeli. Ýyllyk tölegimiz ýokardan görşümiz ýaly 5000 manat, indi bize şu möçberden aýda näçe tölejekdigimizi çykaraýmak galýar. Bir aýyň göterim tölegini hasaplamak üçin, karzyň ulanylan gün sanyny çykarmaly, meselem iýun aýynda 30 gün bar. Onda iýun aýynyň göterimini hasaplamak üçin ýyllyk göterim möçberini 365 (366) güne bölmek we çykan sany 30 güne köpeldäýmek galýar (5000 X 30/366). Sizem hasaplap bilersiňiz, biziň hasabymyz boýunça iýun aýynyň tölegi 409.84 manat çykdy.
Şu ýerde ýylyň gün sany kesgitlenende köplenç suratda hakyky kalendar gün alynsa hasaplanjak göterimleriň möçberi köpelip ýa-da azalyp biljekdigini belläp geçeliň.