Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy

186

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli durmuşa geçirilýän işler Watanymyzyň her bir raýatynyň kalbynda buýsanç duýgularyny oýaryp, pederlerimiziň asyrlarboýy eden arzuwlarynyň bagtyýarlyk döwrümizde wysal tapýandygyny aýan edýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda gazanylýan ösüşler halkymyzyň eşretli durmuşyny üpjün edýär. Ösüş ýoly bilen gazanylan üstünlikleriň gözbaşynda milli Liderimiziň öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasaty, halkymyzyň agzybirligi, zähmetsöýerligi, nurana geljege bolan ynamy durýar.

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ynsanperwerlige, umumadamzat gymmatlyklaryna daýanýan daşary syýasatynyň mazmuny Birleşen Milletler Guramasy hem-de onuň düzümleri bilen gatnaşyklarda dabaralanýar. Döwlet Baştutanymyzyň bu guramanyň belent münberinden öňe süren, ählumumy bähbitleri nazarlaýan teklipleri halkara jemgyýetçiliginde gyzgyn goldawa eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň ençemesi kabul edildi, paýtagtymyzda we «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda sebit hem-de dünýä ähmiýetli halkara çäreler geçirildi. Munuň özi Gahryman Arkadagymyzyň hem-de eziz Watanymyzyň dünýäde abraýynyň barha beýgelýändiginiň subutnamasydyr. 

Ýurdumyzyň sazlaşykly ösýän ykdysadyýetiniň kuwwaty hem Garaşsyzlygymyzyň beren bagtynyň görkezijisidir. Bu gün ýurdumyzda öndürilýän nebitgaz, himiýa, dokma önümleri we beýleki ýokary hilli önümler diňe bir içerki bazaryň islegini kanagatlandyrmak bilen çäklenmän, eýsem, daşarky bazarda hem ýokary islege eýe bolýar. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasion tehnologiýalara esaslanýan önümçilikleriň sany artýar. Ýurdumyzda diňe şu ýylyň dowamynda durmuş-ykdysady we medeni-durmuş maksatly desgalardyr binalaryň ençemesiniň düýbüniň tutulmagy hem-de olaryň birnäçesiniň gurlup, ulanylmaga berilmegi ösüşiň aýdyň görkezijisidir. Halkymyzyň baş baýramy mynasybetli şeýle desgalaryň ýene-de ençemesi ulanylmaga berler. Diňe kuwwatly ykdysadyýeti bolan döwlet şeýle ösüşi gazanmaga ukyplydyr. Diňe ykbaly göterilen halka şeýle eşretleriň hözirini görmek bagty miýesser edýär. 

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde türkmen sportunyň hem ösüşiň täze derejesine çykýandygyny bellemek gerek. Bu üstünlikler ildeşlerimizi täze ýeňişlere ruhlandyrýar. 

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň türkmen halkyna eçilen bagtyna we hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amal edilýän işlere guwanmak, buýsanmak, Watanymyzyň ösüşine goşant goşmak üçin tutanýerli zähmet çekmek her birimiziň borjumyzdyr. Goý, Diýarymyzy beýik ösüşlere besleýän, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda taýsyz tagallalary edýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli işleri rowaç bolsun! 

Arazdurdy AMANOW,

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42