Mekdebimizi tamamlaýan talyplaryň uçurym dabarasy geçirildi

17
     2024-nji ýylyň 13-nji iýunynda mekdebimizi tamamlaýan talyplaryň uçurym dabarasy geçirildi. Dabara I we II ýyl talyplarymyzyň taýýarlan aýdymlary we tanslardyr sahnalary arkaly aýratyn öwüşgin goşdylar. Hususan-da uçurym talyplaryň mekdebiň mugallymlaryna okan minnetdarlyk goşgylary ýatdan çykmajak pursata öwrüldi. Dabarada welýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan göreldeli bahalar bilen mekdebimizi tamamlan, şeýle hem bilim, köpçülikleýin medeni, jemgyýetçilik we sport çärelerine, bäsleşiklere işjeň gatnaşan uçurymlar “Hormat hatlary” we sowgatlar bilen sylaglanyldy. Ýoluňyz ak bolsun mähriban uçurymlar! Goý, ele alan käriňiz bilen Watanymyza, halkymyza yhlas bilen hyzmat edip, ýadaman zähmet çekip, uly abraýlary gazanmagyňyzy arzuw edýäris!

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42