TELEKEÇILIGIŇ GIŇ GERIMDE ÖSDÜRILMEGI

341
TELEKEÇILIGIŇ GIŇ GERIMDE ÖSDÜRILMEGI
Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň alyp barýan il-ýurt bähbitli işlerinden, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi baradaky tagallalaryndan egsilmez ylham we güýç alýan halkymyz ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda uly-uly sepgitlere ýetýär.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanda hormatly Prezidentimiz tarapyndan ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda geçirilýän düýpli özgertmeleriň maksady ýurdy döwrebaplaşdyrmakdan, halkyň eşretli ýaşaýyş-durmuşynyň, abadançylygynyň hemme tarapdan kämilligini üpjün etmekden ybaratdyr. Hiç bir babatda dünýä siwilizasiýasyndan üzňe bolmazlyk, ýurdy, her bir pudagy, zähmetkeşler toparyny, maşgalany parahatçylygyň, sahawatlylygyň, adalatyň we ynsanperwerligiň ýoly bilen ösüşiň täze belentliklerine, maksadaokgunly alyp gitmek Gahryman Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli oňyn başlangyçlarynyň gözbaşynda goýlandyr.
Häzirki döwürde ykdysadyýetimiziň ösüş depginlerini has-da artdyrmak, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak boýunça wezipeler kabul edilen toplumlaýyn döwlet maksatnamalarynda bellenen esasy ugurlar boýunça üstünlikli alnyp barylýar. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde bazar-ykdysady gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak, döwlet eýeçiliginiň dolanyşygyny yzygiderli kämilleşdirmek ösüşleriň zerur şerti bolup çykyş edýär. Ykdysadyýetiň netijeliligini ýokarlandyrmakda telekeçilik işleriniň ähmiýeti uludyr.
Telekeçiligiň giň gerimde ösdürilmegi, bazar gatnaşyklarynyň barha çuňlaşdyrylmagy, içerki sarp ediş bazarlarynda haryt bolçulygynyň artmagy hususy önüm öndürijileriň arasyndaky bäsdeşligi yzygiderli güýçlendirýär. Bäsdeşlik bolsa, öz gezeginde, öndürilýän önümleriň möçberini artdyrmagyň, olary hil taýdan kämilleşdirmegiň, nyrhlaryny önümçiligiň özüne düşýän gymmatyny arzanlatmak arkaly pese düşürmegiň esasy tizlik beriji serişdesi bolup çykyş edýär.
Soňky ýyllarda telekeçiligi ösdürmek boýunça Türkmenistanda milli kanunçylyk binýadyny berkitmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar, bu ugurda täze kanunlaryň birnäçesi işlenip taýýarlanyldy we kabul edildi. Türkmenistanyň “Oýlap tapyşlar we senagat nusgalary hakynda”, “Söwda we deňiz gatnawynyň kodeksi”, “Haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary we harytlaryň gelip çykan ýeriniň ady hakynda”, “Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakynda” Kanunlary telekeçilik işinde ýüze çykýan meseleleri düzgünleşdirýär we hususyýetçilik işiniň hukuk esaslaryny kesgitleýär.  Toplumlaýyn we yzygiderli durmuşa geçirilýän bu işler döwlet bilen hususyýetçiligiň arasyndaky oňyn hyzmatdaşlygyň gerimini artdyrýar, bu çärelere ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ulgamyny düýpli ösdürmäge we döwrebaplaşdyrmaga gönükdirilen möhüm ugur hökmünde garamaga mümkinçilik berýär. Hususy başlangyçlaryň örňemegine erkin we aňrybaş amatly şertleriň döredilmegi bu ugurda ýokary netijeleri gazanmaga, ulgama öňdebaryjy innowasiýalary ornaşdyrmaga, önümçiligi ösdürmekde iri maýa goýumlary üstünlikli özleşdirmäge we zähmet bölünişigini yzygiderli çuňlaşdyrmaga ýardam etmek maksatlaryna gönükdirilendir. Döwlete degişli bolmadyk ulgamyň ýurdumyzyň jemi içerki önümindäki paýyny ýangyç-energetika toplumyny goşmazdan 2020-nji ýyla çenli 70%-e çenli artdyrmak wezipesi bellenildi. Bu wezipäni durmuşa geçirmek üçin diňe dir döwlet tarapyndan hususy kompaniýalar bilen baglaşylýan şertnamalar esasynda ýola goýulýan hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek bilen çäklenmän, eýsem bu hyzmatdaşlygyň ýurdy ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalary durmuşa geçirmekde kanunçylyk we guramaçylyk binýadyny kämilleşdirmek çäreleri hem ysnyşykly alnyp barylmalydyr.
Ösen ykdysadyýetli döwletimizde milli Liderimiziň il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri mundan beýläk hem üstünliklere beslensin!

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady 
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Eziz Arçaýew


Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42