“Men telekeçi” atly bäsleşik geçirildi

96
     2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde mekdebiň mugallymy Bahar Nurjanowanyň guramagynda I ýyl talyplarynyň arasynda “Men telekeçi” atly bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşige talyplar harytlary mahabatlandyrmak, öz biznes-ideýalaryny işewürlik meýilnamalary arkaly düşündirmek ýaly şertleri ýerine ýetirmek bilen işjeň gatnaşdylar. Bäsleşik örän täsirli we gyzykly geçdi. Bu çärede talyplar öz döredijilik zehinlerini açyp görkezdiler. Bäsleşikde tapawutlanan talyp toparlary hormat hatlary bilen sylaglanyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42