Gyzykly geçen ýaryşlar

234
     TZB-niň welaýat bölüminiň, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň, «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň welaýat bölüminiň bilelikde guramagynda Daşoguz şäherindäki 10 müň orunlyk sport desgasynda sportuň woleýbol, stoluň üstünde oýnalýan tennis, şaşka, görnüşleri boýunça welaýatyň orta hünär okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň arasynda ýaryş geçirildi. 
     Örän gyzykly we çekeleşikli geçen ýaryşda woleýbol boýunça Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň topary, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Magtymguly Garlyýew adyndaky ýörite sungat mekdebiniň topary, şaşka boýunça geçirilen ýaryşda welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň topary 1-nji orunlary eýelemegi başardylar. 
     Ýaryşda ýeňiş gazanan toparlara TKA-nyň welaýat birleşmesiniň ýadygärlik sowgatlary, welaýat bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Hormat hatlary gowşuryldy. 
Rejep Hudaýkulyýew
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady 
orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Daşoguz habarlary gazeti
2023-nji ýylyň 20-nji apreli

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42