Sagdynlygyň gözbaşy

187
     Welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň 1-nji we 2-nji ýyl talyp oglan-gyzlarynyň arasynda, aýratynlykda, «Sport — sagdynlygyň gözbaşy» ady bilen sportuň şaşka, düzzüm, stoluň üstünde oýnalýan tennis, tanap çekmek, 16 kilogram agramda daş götermek görnüşleri boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşda talyp ýaşlar diýseň çekeleşikli we gyzgalaňly ýagdaýda özara bäsleşdiler. 
     Bäsleşikde eminler toparynyň gelen netijesine görä, oglanlaryň we gyzlaryň arasynda şaşka boýunça Eziz Nurtaýew, Humaý Saparklyçewa, düzzüm boýunça Atamyrat Baýnazarow, Maftuna Rozmetowa, stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça Şamerdan Taganow we Näzik Aýtbaýewa 1-nji orunlara mynasyp boldular. Daş götermek, tanap çekmek boýunça oglanlaryň we gyzlaryň arasynda geçirilen toparlaýyn ýaryşda 2-nji ýyl talyplaryň ýygyndy toparlary 1-nji orunlary eýelemegi başardylar. 
     Ýaryşyň ýeňijileri welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň Hormat hatlary we döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglandylar. 
Bibigül AMANOWA 
döwlet edaralarynyň işgärleriniň KA-nyň 
Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy.
Daşoguz habarlary gazeti 
2023-nji ýylyň 20-nji apreli

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42