Internet bäsleşiginiň ýeňijileri

275
     Ýurdumyzda sanly ulgam arkaly halkara derejedäki ders we toparlaýyn bäsleşikler yzygiderli geçirilýär. Bu bäsleşiklere welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyplary hem işjeň gatnaşyp, öňdäki orunlara mynasyp boldular. Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň «Эрудит» halkara derejesindäki sanly ulgam arkaly geçirilýän bäsleşigine gatnaşan talyplardan informatika dersi boýunça Annabeg Aşyrowa, ýokary matematika dersi boýunça Aýlar Seýidowa, Mylaýym Döwranowa, iňlis dili dersi boýunça Nurgeldi Garajaýew, dünýä walýuta dersi boýunça Aýnur Saparowa, Mahira Metkulyýewa, Baýrammyrat Iljanow, Banupaşşa Madaminowa 1-nji ýerlere mynasyp boldular. Şeýle-de iňlis dili dersinden Leýla Durdyýewa, Tawus Hojaýewa, marketing dersinden Oguljan Hamdamowa 2-nji orunlary eýelediler. 
Aýnur ATAÝEWA, 
welaýat maliýe-ykdysady orta 
hünär okuw mekdebiniň talyby.
Daşoguz habarlary gazeti,
2023-nji ýylyň 13-nji apreli

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42