Biz barada

1284


Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi Türkmenistanyň Prezidentiniň 2013-nji ýylyň 12955-nji belgili Karary we Türkmenistanyň Bilim ministriniň 2013-nji ýylyň 16-njy aprelindäki 110-njy belgili Buýrugy bilen esaslandyryldy we ol döwlet orta hünär okuw mekdebi bolup durýar. Türkmenistanyň Bilim ministrligi Mekdebiň Esaslandyryjysy bolup, onuň ýuridik salgysy Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 104-nji jaý. Ol Türkmenistanyň Ykdysadyýet we ösüş ministrliginiň Edara görnüşindäki taraplary we maýa goýum taslamalaryny döwlet tarapyndan hasaba almak müdirligi tarapyndan 2013-nji ýylyň mart aýynyň 11-ne 23654390 belgi bilen hasaba alyndy. Mekdep bilim, terbiýe we ylym ulgamynda Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan üçin çuňňur bilimli, ýurduň bähbitlerini halkara giňişliginde mynasyp gorap bilýän we häzirkizaman bazar ykdysadyýeti gatnaşyklary şertlerine laýyklykda işlemäge ukyply, orta hünär bilimli işgärleri taýýarlamagyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.   Mekdep döwlet orta hünär bilim ulgamynyň dünýewi, demokratik we hukuk döwletini döretmek ugrundaky ruhy, durmuş-ahlak, ylym, ykdysady we medeni öňegidişlikleriň özenini düzýär.  Mekdep Türkmenistanyň Prezidentiniň milli bilim döwlet syýasatyny iş ýüzünde amala aşyrmak üçin mugallymlaryň, işgärleriň we talyplaryň ylmy-döredijilik birleşmesidir.  Mekdebiň işleri Türkmenistanyň Konstitusiýasy, “Bilim hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, Türkmenistanyň beýleki kanunlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň namalary, Türkmenistanyň mejlisiniň kararlary, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgütleri, beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary, Türkmenistanda döwlet orta hünär bilim edaralary hakynda Düzgünnama, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň çykarýan resminamalary we şu Tertipnamanyň esasynda kadalaşdyrylýar.   Şu Tertipnama Mekdebiň hünär, ruhy we sazlaşykly terbiýe, raýatlyk kemala gelmegi we kämilleşmegi üçin okaýan talyplaryna durmuşy we bilim hyzmatlaryny üpjün etmek baradaky umumy guramaçylyk-hukuk esaslaryny, maksatlaryny, wezipelerini we iş ýörelgelerini kesgitleýär. 

Ylym

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi [...]

Kitaphana

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi [...]

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42