Moodle näme?

5

Döwlet gullugy akademiýasynda okatmagyň Moodle (Modular
Object-Oriented Dynamic Learning Environment) elektron maksatnamasy işlenilip
taýýarlanyldy we üstünlikli ornaşdyryldy. Bu maksatnama mugallymlar,
diňleýjiler we talyplar üçin okuwa ýetişiklige gözegçilik etmegiň dürli
mümkinçilikleri elýeterli bolan, köpçülikleýin howpsuz bellige alynmagyny
goldaýan, synag we interaktiw okuwlary geçirip bolýan ykjam serişdedir.
Moodle-niň esasy mümkinçilikleri onlaýn-okuwlary
döretmegi, resminamalaryň ýazgylaryny taýýarlamagy, ähli diňleýjilere we
talyplara ýa-da käbir okuwçy toparlaryna elýeterli bolan öwrediş toplumyna
birleşdirilen tanyşdyrmalary hem-de wideo ýazgyny özünde jemleýär. Mundan
başga-da, bu ulgamyň çeýe interfeýsi bolup, ol käbir sahypalaryň maketleriniň
hem-de dizaýniniň özara ýerleşiş ýagdaýyny saýlamaga mümkinçilik berýär, bu
bolsa amaly we okuw sapaklaryny has ýokary hilli hem-de netijeli geçirmäge
goşmaça mümkinçilik döredýär. Ulgamy özara gürleşmäge, bilelikde işlemäge,
resminamalry dolandyrmaga niýetlenen gurallar hem-de okuw işniň hilini
ýokarlandyrmak üçin beýleki goşundylar bilen birlikde, köpsanly
programma üpjünçiligi bilen birleşdirip bolýar.



Moodle, uzak aralyk bilim sahypasynda zerur bolup biljek çäreleriň köpüsini
ýerine ýetirip bilýän aýratynlyklary bolan onlaýn kurs dolandyryş ulgamy.
Moodle hemmeler (mugallym, talyplar) tarapyndan aňsat ulanylyp bilner. Moodle,
web esasly kurslary we web sahypalaryny döretmek üçin programma üpjünçiligi
bukjasydyr. Moodle 138 ýurtda ulanylýar, 77 dürli dili goldaýar we hasaba alnan
75000 ulanyjy bar. Moodle, PHP esasly açyk çeşme onlaýn bilim ulgamydyr.



Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizi ykdysady taýdan ösdürmekde,
halkymyzy abadan durmuşda, bagtyýar zamanada ýaşatmakda bimöçber işleri alyp
barýan Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janlary sag, ömürleri
uzak bolup, her bir tutýan tutumlary üstünliklere beslensin.

Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta

hünär okuw mekdebiniň mugallymlary:





Eziz Arçaýew we Aýlar Sapargeldiýewa 

Paýlaş

27/11/2026

Moodle näme?

Döwlet gullugy akademiýasynda okatmagyň Moodle (Modular

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42