SANLYLAŞDYRMAK – YKDYSADYÝETI ÖSDÜRMEGIŇ BINÝADY

3

«Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ykdysadyýetini
sanlylaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Häzirki döwürde dünýä
ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem sanly gurşaw işjeň ýagdaýda kemala
getirilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başda durmagynda, milli ykdysadyýete sanly
ulgamlary ornaşdyrmak, elektron senagaty, bäsleşige ukyply sanly ykdysadyýeti
ösdürmek maksady bilen, «Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly
ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi ykdysadyýetiň
tapgyrlaýyn sanlylaşdyryljakdygyny görkezýär. Bu resminamanyň durmuşa
geçirilmegi ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň ähli pudaklaryny tehnologiýa taýdan
özgertmegiň, ýeke-täk sanly ulgama birikdirmek, dünýäniň öňdebaryjy iş
tejribesini, ylmy pikirleri we döwrebap häzirki zaman innowasion
tehnologiýalary ulanmak bilen, olaryň maddy-enjamlaýyn binýadynyň pugtalandyrylmagyny
üpjün etmegiň özboluşly  «ýol kartasy»
bolup durýar.  



Konsepsiýanyň
üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin onuň hukuk binýady kemala getirildi. Bu
ugurda «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar
hakynda», «Türkmenistanda Internet torunyň ösüşini we Internet hyzmatlaryny
etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň
Kanunlary we beýleki kadalaşdyryjy-hukuk namalary kabul edildi.



Ykdysadyýetimize
döwrebap sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak aýratyn ähmiýete eýe bolup, bu
ugurda ylmy barlaglaryň geçirilmegi, IT-hünärmenleriniň bilimleriniň
kämilleşdirilmegi, döwrebap hasaplaýyş serişdeleri we programma üpjünçiligi,
döwlet gullukçylarynyň we raýatlaryň «sanly medeniýetini» ösdürmegiň zerurlygy,
maglumat bilen işleşmegiň sanly platformalaryny döretmegiň, raýatyň elektron
kartynyň ornaşdyrylmagy, Internet ulgamynyň mümkinçilikleriniň giňeldilmegi
sanly ulgama goşulyşmakda wajyp wezipeleriň hatarynda bellenýär.



Ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanlylaşdyrmak boýunça giň
gerimli işleri alyp barýan hem-de bu ugurda zerur bolan ähli şertleri döredip
beren Gahryman Arkadagymyza we
Arkadagly
Gahryman Serdarymyza
minnetdarlygymyzyň çägi ýok. Goý, mundan beýläk hem, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň janlary
sag, belent başlarynyň aman bolmagyny, il-ýurt ähmiýetli işleriniň elmydama
rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.



 



Kulyýew Kuwwat,



Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta



hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42