Iñlis dili hepdeliginiñ iñ täsirli pursatlary
15Berkarar döwletiñ täze eýýamynyñ Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyñ we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyñ baştutanlygynda ýaşlaryñ bilim almaklary, dünýä ýurtlarynyñ dilini, medeniýetini, ykdysadyýetini öwrenmäge bimöçber mümkinçilikleri döredip berdi. Ýañy ýakynda, 2026-njy ýylyñ 9-14 noýabry aralygynda Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde "Iñlis dili" hepdeligi geçirildi. Bu hepdeligiñ çäklerinde mekdebiñ ähli hünärleriniñ 1-nji we 2-nji ýyl talyp toparlarynyñ arasynda zehin bäsleşikleri, aýdym-sazly döredijilik bäsleşikleri, sergiler, okuw otagynyñ bezeg bäsleşikleri geçirildi. Bu hepdelik talyplaryñ döredijilik ukyp-başarnyklaryny görkezmäge, daşary ýurt dillerini öwrenmäge, munuñ bilen birlikde daşary ýurt halklaryñ medeniýetini, däp-dessurlaryny, ykdysady ösüşini, geografiki ýerleşişini öwrenmäge bolan höweslerini hem artdyrdy. Hepdeligiñ jemleri mekdebiñ baýry mugallymlary tarapyndan düzülen garaşsyz toparyñ emin agzalary tarapyndan berilen adalatly bahalar boýunça jemlenip, ýokary netijeleri görkezen talyp toparlary hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglanyldy. Bu hepdeligi ýokary derejede guramak üçin ýadaman päk ýürekden zähmet çeken mekdebiñ iñlis dili mugallymlary Aýlar Sapargeldiýewa we Dinara Iskandarowa minnetdarlyk bildirildi.
Goý, şunuñ ýaly ajaýyp hepdelikler bilimimizi artdyrmaga çelgi bolsun!