“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” ady bilen geçirilen ilkinji okuw sapagy

127
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebimizde 2024-2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarym ýylynyň ilkinji okuw sapagy «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady bilen geçirildi. 
Okuw sapagynda  2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» ady biln bellenilmeginiň düýp manysy açylyp görkezildi we şonuň bilen birlikde, Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaplarynyň many-mazmunynyň watan söýüjilik hem-de ýaş nesilleriň terbiýesinde tutýan ornuny barada aýdyldy.
Şonuň bilen birlikde mekdebimiziň talyplaryna hem-de beýleki talyp ýaşlara 2024-2025-nji okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygy üstünlikli okuw ýyllaryň biri bolmagyny arzuw edýäris! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli beýik işleri üstünliklere beslensin!

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42