Mekdebimizde okuw-usuly maslahat geçirildi
46Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň direktory A.Amanow ilki bilen ýygnaga gatnaşyjylary ýygnagyň gün tertibi bilen tanyşdyrdy we gün tertibinde agzalan buýruklaryň ähmiýeti barada çykyş etmegi üçin söz nobatyny mekdebimiziň mugallymy H.Kasymow-a berdi. Ol öz çykyşynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe "Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýyynda: Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar baradaky Döwlet syýasatyny durmuşa geçirmekligi üpjün etmek, şeýle hem ýaş hünärmenleriň ukyp-başarnyklaryny we zehinlerini ýüze çykarmakda mekdebimizde ýeterlik işler geçirilendigini aýtdy.
Soňra, mekdebimiziň mugallymy Ý.Sapargeldiýew öz çykyşynda Berkarar döwletiň täz eeýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda bilim ulgamlary täze ösüşlere eýe bolýandygyny belledi. Ulgamyň işini döwrebap derejede guramak, oňa innowaasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, ýaşlara berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak, bu babatda, milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak bilen, dünýä derejesinden ugur almak, sanly bilim ulgamyna geçmek boýunça giň möçberli işler alnyp barylýar. Hut, şu nukdaýnazardan ugur alyp, häzirki döwürde ýurdumyzda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Kosepsiýasy tapggyrma tapgyr durmuşa geçirilýär.
Mekdebimiziň mugallymy K.Kulyýew hem öz çykyşynda2023-2024-nji okuw ýylynda okuw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň toparlar bilen geçiren işleriniň netijelerini, gazanan üstünliklerini seljerilip, “Ýylyň halypa mugallymy” atly reýting bäsleşiginiň her okuw ýarymýyllygynda jemleriniň buýruklaşdyryp jemlenendigini we iň ýokary netijeleri görkezen topar ýolbaşçysyna Türkmenistanyň zähmet kanunçylygyna laýyklykda hormat haty bilen sylaglanandygy barada aýdyp, 2024-2025-nji okuw ýylynda hem topar ýolbaşçylarynyň netijeleri ballar arkaly bahalandyrylyp, bu reýting bäsleşiginiň talaba laýyk ýöredilýändigini belledi.
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady
orta hünär okuw mekdebi