Köneürgenç taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna syýahat
32 Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Köneürgenç şäherindäki Köneürgenç taryhy-medeni ýadygärlikler toplumyna syýahata (gezelenje) gidildi. Onda mekdebimiziň mugallymlarynyň we talyplarynyň gepleşikleri telewideniýe tarapyndan ýazgy edildi hem-de teleýaýlymlarda görkezildi.
Men hem onda gadymy ýadygrliklerimiziň biri bolan Köneürgenç taryhy-medeni ýadygärliklerimiz barada aýdyp çykyş etdim.
“Türkmen halkynyň gadymy medeniýeti bar. Türkmen halky dünýäniň dört künjeginde dürli döwletler döredipdirler. Ol döwletler özüniň syýasy, ykdysady, medeni-ruhy ösüşi bilen adamzat taryhynda uly yz galdyrypdyr. Ýöriteleşme dersde ata-babalarymyzyň Türkmenistanyň çäginde döreden Köneürgenç türkmenleriniň döwleti, onuň taryhy, hökümdar-soltanlary, olaryň ýöreden syýasaty, ykdysady we medeni çäreleri, döwletiň giňelmegi, ösmegi we pese düşmegi, ýurtda geçirilen özgerişler, ilatyň durmuşy, dini, dili, däp-dessurlary barada talyplara türkmen taryhyna degişli çeşmeler we ylmy kitaplar esasynda okuw we söhbetdeşlik sapaklary maksatnama laýyklykda geçirmek göz öňünde tutulýar. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletinde Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda türkmen halky ata-babalarynyň şöhratly geçmişine, olaryň dünýäde 70-den gowrak guran döwletlerine, galdyran medeni mirasyna we dünýäniň ösüşine eden goşandyny öwrenmeklige ajaýyp mümkinçilikler döredi. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halky özüniň taryhyny, däp-dessuryny, gadymy mirasyny dünýä äşgär etdi.
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we talyplary bilen bu ýere gidilmeginden maksat – talyplara Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň esasynda halkymyzyň gahrymançylykly taryhyny, türkmeniň beýik şahslarynyň il-ýurt we adamzat bähbitli eden zähmetlerini görkezip, ýaşlarda öz halkynyň taryhyna buýsanyp, Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan – ata-Watanymyza, iline, bu taryhy hakykaty dikelden, halkyna Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk ýoly bilen alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza wepalylyk, hormat we söýgi duýgularyny ösdürmek, talyplarda Köneürgenç türkmenleriniň döwletiniň taryhynda watançylyk duýgularyny terbiýelemek we berkitmek bolup durýar.
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Annaýewa Täçnabat