SANLY YKDYSADYÝET: ÖSÜŞIŇ WE BAGTYÝAR DURMUŞYŇ BÄHBIDINE

569
«Sanly ykdysadyýet» adalgasy soňky döwürde syýasatçylar, ykdysatçylar we bilermenler tarapyndan giňden ara alnyp maslahatlaşylýan meselä öwrüldi. Munuň esasy sebäbini köp ýurtlaryň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryny, hususan-da, sanly maglumatlary ykdysadyýete ornaşdyrmagyň netijesinde uly öňegidişlikleri gazanmagy başarandyklary bilen düşündirip bolar.

Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmek barada hormatly Prezidentimiziň beren tabşyryklary bu ugurdaky bilimlerimiziň yzygider artdyrylmagyny, jemgyýetimizde bolup geçýän ykdysady hadysalar barada gözýetimimiziň has-da giňeldilmegini talap edýär. Sebäbi ýurdumyzda amala aşyrylýan her bir özgertmeleriň halkymyzyň bähbidine, ata Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendigini nazara alsak, onda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň mazmunyna, onuň ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdaky ornuna, şeýle-de dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň netijeli ýollarynyň biri hökmünde häsiýetlendirilýän ykdysadyýetiň bu görnüşine geçmegiň zerurlygyna dogry düşünilmeginiň özi öňde duran wezipeleriň üstünlikli amala aşyrylmagyna itergi berýär.

Ýakyn döwürde milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylmagy meýilnamalaşdyrylýan bu ugur barada daşary ýurtlarda toplanan tejribäni öwrenmek, onuň bähbitli taraplaryna göz ýetirmek möhüm bolup durýar.

Munuň üçin ilkinji nobatda “Sanly ykdysadyýet – bu näme?” diýen soraga jogap bermek zerurdyr. Bu adalga ilkinji gezek 1995-nji ýylda ABŞ-nyň Massaçusets uniwersitetiniň alymy Nikolas Negroponte tarapyndan teklip edilýär. Ol bu adalgany ozalky ykdysadyýet bilen deňeşdirilende maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryň okgunly ösmegi netijesinde kemala gelýän täze ykdysadyýetiň artykmaçlyklaryny häsiýetlendirmek üçin ulanypdyr.

Sanly ykdysadyýete başgaça elektron ykdysadyýet hem diýlip, onuň esasy aýratynlygy sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysady işi aňladýar. Bu adalgada “ykdysadyýet” sözi esasy kesgitleýji söz bolup durýan hem bolsa, ykdysady işden başga-da, bu özgertmäniň netijesinde jemgyýetçilik gatnaşyklarynda, adamlaryň özlerini alyp baryşlarynda, dünýägaraýyşlarynda belli bir özgerişlikleriň bolup geçýändigi aýratyn bellärliklidir. Bu ýagdaý sanly ykdysadyýetiň ösmegi bilen täze durmuş hakykatynyň ýüze çykýandygyny görkezýär. ”Sanly” sözi bolsa ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde tehnologiýalaryň täze görnüşleriniň, hususan-da, internetiň ýüze çykmagy we gündelik durmuşymyzdan başlap, önümçilikde hem-de hyzmatlar ulgamynda olaryň giňden ýaýramagy bilen baglanyşyklydyr.

Ykdysady nazaryýet ylmynyň nukdaýnazaryndan teswirlenende, adat bolşy ýaly, ozal zähmet, kapital we çig mal önümçilik faktoryna degişli bolan bolsa, indi innowasion ykdysadyýet şertlerinde onuň düzümine tehnologiýalar, bilim we innowasiýalar goşulýar. Näme üçin häzirki döwürde maglumatlaryň, onda-da sanly görnüşdäki maglumatlaryň ähmiýeti artýar? Sebäbi häzirki döwürde maglumatlar täze aktiw hökmünde häsiýetlendirilýär we islendik aktiwiň gymmatlygynyň bolşy ýaly, onuň hem gymmatlygy bardyr. Ýagny maglumatlary täze maksatlary we täze ideýalary amala aşyrmak üçin ulanyp bolýar.

Şeýlelikde, sanly ykdysadyýet – bu hojalyk işi bolup, onda önümçiligiň esasy faktory sanly görnüşdäki maglumatlardyr. Uly göwrümli maglumatlaryň gaýtadan işlenilmegi we seljermäniň netijeleriniň giňden ulanylmagy hojalygy ýöretmegiň adaty görnüşlerinden tapawutlylykda dürli önümçilikleriň, tehnologiýalaryň, enjamlaryň, şeýle-de harytlaryň we hyzmatlaryň getirilişiniň, saklanylyşynyň we ýerlenilişiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär. Şeýle oňaýlyklar sanlaşdyrylan ykdysadyýeti köp döwletler üçin özüne çekiji edýär.

Soňky ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge dünýä döwletleriniň ünsleriniň has-da artmagyny onuň ýurduň ykdysady kuwwatyny berkitmekde we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokary hilini üpjün etmekde döredýän artykmaçlyklary bilen düşündirip bolar. Olar şulardan ybaratdyr:

birinjiden, sanly ykdysadyýete durnukly ösüşiň iteriji güýji hökmünde garalyp, ol ýurduň bäsleşige ukyplylygyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Çünki adam intellektiniň önümi bolan täze tehnikalara we tehnologiýalara islegleriň barha artmagy önümçiligiň bu ugruny düşewüntli edýär. Netijede, halkara zähmet bölünişiginde ýurduň tutýan orny has-da berkeýär.

ikinjiden, fiziki, sanly we biologik häsiýetli tehnologiýalaryň garyşmasyny aňladýan dünýädäki dördünji senagat öwrülişigi ýurduň syýasy, durmuş we ykdysady ulgamlaryna özüniň güýçli täsirini ýetirýär. Onuň netijesinde dörän täze mümkinçilikler diňe bir ýurduň ykdysady kuwwatynyň artmagyna däl, eýsem,  ilatyň ýaşaýyş hil derejesini kesgitleýän netijeleriň gazanylmagyna hem itergi berýär. Mysal üçin, adam saglygy üçin zyýanly bolan iş orunlarynda täze tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy adama gönükdirilen ýokary tehnologiýaly ykdysadyýetiň artykmaçlygyny görkezýär.

üçünjiden, munuň özi ýurduň tehnologik garaşsyzlygyny üpjün edýär. Sanly ykdysadyýetiň özenini elektron senagatynyň düzýändigi hemmelere mälimdir. Häzirki döwürde elektron önümleriniň eksporty bäsleşige ukyplylygyň esasy görkezijisi bolup, ol ýurduň dünýä bazaryna goşulyşynyň çuňlugyny görkezýär. Halkara bilermenleriň berýän bahalaryna görä, dünýä ykdysadyýetinde hut şu senagat pudagy bäsleşigiň iň ýokary derejesi bilen tapawutlanýar. Şunuň bilen baglylykda, ylmy köp talap edýän we tehnologik taýdan çylşyrymly pudaklaryň biri hasaplanylýan milli elektron senagatyny ösdürmek ýurdumyzda häzirki döwürde alyp barýan ylmy-tehniki syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup, sanly ykdysadyýetiň ösdürilmegi hut şu pudagyň netijelerine baglydyr.

dördünjiden, sanly ykdysadyýet korrupsiýa garşy göreşmegiň netijeli guralydyr. Hususan-da, häzirki döwürde dünýäniň köp ösen ýurtlarynda ornaşdyrylan we ornaşdyrylýan hem-de öz oňyn netijelerini berýän ”elektron hökümet” ulgamy ilata köp görnüşli döwlet hyzmatlarynyň berilmegini göz öňünde tutýar. Bu ulgamyň işe girizilmegi bilen korrupsiýanyň azalýandygy, çünki onuň netijesinde korrupsiýanyň öňüni alýan «açyklygyň» berjaý edilýändigi aýratyn bellärliklidir. Hut şu aýratynlyklar dünýä jemgyýetçiliginde bu ulgamyň döwlet bilen halkyň arasyndaky demokratik ýörelgelere esaslanýan gatnaşyklar hökmünde häsiýetlendirilmegine esas döretdi.

Biziň häzirki ýaşaýan maglumat jemgyýetimizde önümçilige garanyňda hyzmatlar ulgamy agdyklyk edýär. Şu sebäpli-de maglumat tehnologiýalary esasy orun eýelemek bilen, ol adamlara hyzmat edilişiň mehanizmini ýönekeýleşdirmäge mümkinçilik berýär. Internetiň ýüze çykmagy we bu global tora elýeterliligiň bahasynyň peselmegi dünýäde hakyky maglumat öwrülişiginiň bolup geçendigini, onuň netijesinde durmuşymyzyň, şol sanda ykdysadyýetimiziň özgerýändigini görkezýär. Häzirki döwürde durmuşymyza yzygiderli ornaşýan, hemmämiz üçin elýeterli bolan elektron tölegler, internet-söwda, internet-mahabatlandyrma sanlaşdyrylan ykdysadyýetiň oňyn netijeleriniň diňe käbiridir. Şunda maglumat tehnologiýalarynyň we internetiň mümkinçiliklerini giňden ulanmagyň netijesinde sarp edijileriň gymmatly wagtlarynyň we serişdeleriniň tygşytlanmagyna, hyzmatlaryň tiz wagtda ýerine ýetirilmegine, kagyz göterijide ulanylýan maglumatlaryň sanynyň azalmagyna-da sanlaşdyrylan tehnologiýalaryň döredýän amatlyklary hökmünde baha bermek bolar.

Bu gün biz durmuşymyzy el telefonsyz, planşetsiz, iş orunlarymyzy bolsa kompýutersiz göz öňüne getirmek kyn. Häzirki döwürde ulanýan enjamlarymyzyň sarp edijiler üçin döredýän oňaýlyklaryny sanap gutarardan köpdür. Hakykatdan-da, durmuşymyzyň ähli taraplaryna giňden ornaşdyrylýan tehnologiýalaryň ösmegi bilen durmuş hakykatymyz hem özgerýär. Emeli intellekt diňe bir ykdysadyýetiň ösmegine däl, eýsem, gündelik durmuşymyza hem öz düýpli täsirini ýetirýär. Wagt geçdigiçe bu meýliň ösüş häsiýetine eýe boljakdygy gümansyzdyr. Indi adam aňyna, onuň erk-islegine bagly bolmadyk, umumy ösüş häsiýetine eýe bolan bu obýektiw sebäp ýurtlaryň oňa uýgunlaşmagyny, bu ugurda öz milli strategiýalaryny işläp taýýarlamaklaryny günüň möhüm wezipesine öwürýär.

Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça uzak möhleti nazarlaýan döwlet syýasatyny alyp barmak zerurdyr. Daşary ýurt tejribesinden görnüşi ýaly, sanly tehnologiýalara daýanýan ykdysadyýete geçmek belli bir wagty, serişdeleri we inženerçilik işini doly ele alan hünärmenleri talap edýär. Bu ugruň ösmegi üçin «döwlet – jemgyýet – ylym - işewürlik» gatnaşyklarynda düýpli özgerişlikleriň amala aşyrylmagy hem zerur şertleriň biridir. Şunda döwlet tarapyndan degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryny işläp taýýarlamak, häzirki zaman dolandyryş ulgamyny ösdürmek, ylmyň ösmegine döwlet goldawyny bermek ýaly meseleler öz möhümligi bilen tapawutlanýar. Täze tehnologiýalary döretmekde, olary ornaşdyrmakda ylym pudagynyň esasy orun eýeleýändiginden ugur alsak, onda alymlarymyzyň, inženerlerimiziň we beýleki hünärmenlerimiziň öňünde jogapkärli, döwlet bähbitli wezipeleriň durandygyna göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyzyň ylmy elita gatlagynyň üçden iki böleginiň ýokary okuw mekdeplerinde jemlenmegi bolsa, bu işe ýokary bilim edaralarynyň professor-mugallymlarynyň çekilmegini hem şertlendirýär.

Şunda Türkmenistanyň bu ugurda öňdebaryjy ýurtlaryň hataryna girmegini üpjün etjek ýollaryň, ony amala aşyrmagyň mehanizminiň dogry kesgitlenmegi şeýle maksatnamanyň netijeli durmuşa geçiriljekdiginiň, netijede sanly gurşawyň kemala getiriljekdiginiň kepilidir. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça bu maksatnamada ýurdumyzyň dolandyryş ulgamy üçin ýokary hünärmenlik derejesi bolan häzirki zaman hünärmenlerini taýýarlamak zerurlygy hem ýüze çykýar.

Umuman, sanly ykdysadyýeti ösdürmekde daşary ýurtlaryň birnäçesinde toplanan tejribäniň öwrenilmegi, bir tarapdan, ylym we bilim ulgamlarynyň düýpli özgerdilmegini, elektron senagatynyň depginli ösdürilmegini, ylmy talap edýän önümçilikleriň döredilmegine işewürlerimiziň giňden çekilmegini talap edýär. Beýleki tarapdan, halkara bilermenleriň nygtamaklaryna görä, ykdysadyýetiň mundan beýläk-de sanlaşdyrylmagynyň artykmaçlyklary bilen bir hatarda, ol birnäçe töwekgelçilikleri hem döredýär. Çünki sanly tehnologiýalara bolan aşa baglylygyň artmagy, şeýle-de maglumatlary gorap saklamak meselesi bilen baglylykda kiberhowpuň artmagy belli bir derejede töwekgelçilikleriň ýüze çykmagyna getirýär. Şol sebäpli sanly ykdysadyýeti ösdürmek isleýän döwletler bu meselelere ünslerini güýçlendirmeli bolýarlar.
(08.11.2018 - «Türkmenistan» gazeti)

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42