SANLY BILIMIŇ KÄMILLEŞDIRIŞINIŇ MILLI UGURLARY

649

Ýurdumyzyň durnukly ösmeginiň, Watanymyzyň  barha kuwwatlanmagynyň hatyrasyna  ýaşlaryň  gurujy, dörediji, oýlap tapyjy, ösen aň-düşünjeli intellektual derejesini kemala getirmek häzirki döwrüň möhüm aýratynlygydyr. Bu aýratynlyk ykdysadyýetiň ähli ugurlary bilen bilelikde, onuň ösmeginde esasy hyzmaty ýerine ýetirýän bilim ulgamynyň bazar gatnaşyklary  şertlerinde dünýä ülüňlerine laýyk döwrebaplaşdyrylmagy bilen şertlendirilýär.
Häzirki wagytda ýaş nesil terbiýelemekde talaplar güýçlenip, olar täze many- mazmuna eýe bolýar, ýaşlaryň geljekde öz işiniň ussatlary bolup ýetişmekleri üçin, okuw döwründe çagalaryň zehinlerine we ukuplaryna görä bilim-terbiýe bermek üns merkezinde saklanylýar. Onuň üçin bolsa, netijeli  dünýä tejribesini we usullaryny  peýdalanmakda toplumlaýyn işleri geçirmek, mugallymlaryň hünär derejesini yzgiderli ýokarlandyrmaga degişli çäreleri ulanmak gerek bolýar. Bilimiň ähli basgançaklaryna öňdebaryjy tejribäniň gazananlarynyň ornaşdyrylmagy  we iň täze tehniki  hem tehnologik enjamlaryň netijeli ulanylmagy ýetilen belent sepgitlere, gazanylan üstünliklere berk binýat bolup çykyş etjek möhüm ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, ýurdumyzyň bilim ulgamyna sanly serişdeleriň orandyrylmagy, döwrebap bilim portalynyň herekete girizilmegi bilim işgärleriniň mümkinçiliklerini üzül-kesil artdyrdy. Barha ösýän döwletimizde tehnologiýalaryň ornunyň berkemegi, dolandyryş ulgamynda innowasiýalaryň döremegi we onuň ähmiýetiniň artmagy beýleki ugurlar bilen bir hatarda, ulgamynyň öňünde hem döwrüň talaplaryna laýyk gelýän täze wezipeleri goýdy.
Bilim işini sanlaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron aragatnaşyklary döretmek, adamyň aň-bilim maýasyna, işewürligine we maglumat – aragatnaşyk  tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen derejisini kemala getirmek babatdaky alnyp barylýan işler sanlaşdyrmak  boýunça özgertmeleriň ýokary tizlik bilen ýaýraýan  häzirki döwründe bilim ulgamynyň öňünde durýan anyk maksatlary kesgitleýär. 
Häzirki döwürde sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň çäklerinde elektron kitaplary, gollanmalary taýýarlamak giň gerime eýe boldy. Ýurdumyzyň ýokary okuw we umumy bilim berýän orta mekdeplerinde elektron kitaphana ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Bulardan başga-da elektron kitaplaryň täsirliligini artdyrmak üçin olaryň has kämil görnüşleri işlenip taýarlanylýar. Käbir maglumat çeşmelerinde olar interaktiw kitap hökmünde suratlandyrylýar. Interaktiw kitaplaryň sahypalary awtomatik usulda agdarylýar, ekranda könelişen sözleriň, adalgalaryň üstünden bassaň, olara düşündiriş berilýär, kitapdaky goşgular, aýdymlar ýaňlanýar, hat-da suratlar-da hereket edýär.
Sanly ulgamy ösdürmegiň kanunçylyk binýady hem pugtalandyrylýar. Häzirki wagtda “Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” şeýle-de ýakynda kabul edilen “Elektron resminama, elektron resminama dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Şunlukda, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň konsepsiýasy yzygiderli durmuşa geçirilýär. 
Sanly ulgam maglumat tehnologiýalaryny giňden peýdalanmagyň hasabyna halk hojalygynyň pudaklarynyň we durmuş ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagatyny döretmek, adamlaryň aň-bilim maýasyna, işewürlige we maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek sanly özgertmeleriň dünýä derejesine ýokary tizlik bilen ýaýraýan döwründe gaýragoýulmasyz meseleler bolup durýar.
“Elektron resminama, elektron resminama dolanşygy we sanly hyzmatlar hakynda” Türkmenistanyň kanuny bu babatda aýratyn ähmiýete eýe bolup, elektron resminamalarynyň, elektron resminama dolanşygynyň we sanly hyzmatlaryň hukuk ýagdaýyny, olara bildirilýän esasy talaplary kesgitleýär hem-de bu ugurda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirmäge gönükdirilendir.
Häzirki wagtda sanly ykdysadyýet senagatyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Ýylsaýyn senagatlaşýan ýurdumyzda gurulýan kuwatly önümçilik desgalary döwrüň talaplaryna laýyklykda, tehnologiýalaryň soňky gazananlary bilen üpjün edilýär. Bu bolsa, çig maldan has netijeli peýdalanmaga, gymmat bahaly innowasion harytlary öndürmäge mümkinçilik berýär.
Dünýäniň sanly tehnologiýalar babatda öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamy hem döwrebaplaşdyrylýar, her bir raýatyň ösen tehnologiýalaryň ösen tehnologiýalardan baş çykaryp bilmegi gazanylýar, milli bilim ulgamynyň möhüm wezipeleri halkara bilim hyzmatdaşlygynyň çäklerinde bilelikde amala aşyrylýan taslamalar bilen oňyn çözülýär.
Berkarar  döwletimiziň  bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler, eýeleýän belent sepgitler bu ulgamyň kämillige tarap aýgytly ädimler bilen barýandygyna şaýatlyk edýär. Munuň özi ýurdumuzyň ykdysady kuwwatyny berkitmek, raýatlarmyzyň ýaşaýyş – durmuş derejesini has-da gowlandyrmak bilen bagly wezipeleri üstünlikli çözmek boýunça ýokary  netijeleriň gazanylýandygynyň oňa bilim özgertmeleriniň oňyn täsir edýändiginiň mynasyp görkezijileridir.  

AÝYDOWA LEÝLI 
Daşoguz welaýat maliýe- ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy


Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42