Şahsy adamlaryň töleýän girdeji salgydy näme?

71
Şahsy adamlaryň töleýän girdeji salgydy näme?

Köplenç zähmet hakyny alanymyzda, duş gelip tanyş bolýan salgydyň görnüşlerinden biri hem, bu girdeji salgydydyr, bu salgyt barada “Salgytlar hakynda” Türkmenistanyň bitewi kanunynyň 182 maddasyndan başlanyp beýan edilýär. Salgydy Türkmenistanyň dahyllylary we dahylly bolmadyk şahsy adamlary töleýär. Girdeji diýlip - şahsy adamyň belli bir salgyt döwründe pul ýa-da natural görnüşinde, iş we hyzmat görnüşinde, maddy peýda ýa-da sosial eşretleri görnüşinde alan ähli gazançlary göz öňünde tutulýar. Kodeksiň 192 maddasy esasynda Türkmenistanda salgyt girdeji möçberden 10 göterim derejede bellenilen. Bu salgydyň möçberi ABŞ-da 39 ,6 % çenli, Russiýada 15 % çenli, Türkiýede – 35 % çenli, Gazagystanda we Gyrgyzystanda 10 %, Özbegistanda 12 %, Ýewropa döwletlerinde 47 % çenli, Hytaýda 45 göterime çenli bellenilen.

Salgyt hasaplamaga degişli girdeji çeşmeler

Salgyt kodeksiniň 184 maddasyna laýyklykda kesgitlenýän girdejiler - zähmet haky, diwidend​, awtorlyk hukugyny peýdalanmakdan alnan hak, ätiýaçlandyryş​ tölegleri, kärende girdeji, sungat işgärleriň ýa-da sport türgenleriniň gazanjy, lotereýa utuşlary we şuňa meňzeşlerden alynýan girdejilerdir. Bahasy Türkmenistanda salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň on essesinden ýokary bolan sowgatlar hem girýär. Şeýle-de, özbaşdak hünär hyzmatlaryny ýerine ýetirýän - ylmy, edebi, sungat, mugallymçylyk, lukmançylyk (tebipçilik), ýuridiki hyzmatlar, inženerçilik, arhitektorçylyk​, auditorlyk we buhgalterçilik hyzmatyndan gazanylýan çeşmeler salgyt tölenmäge degişlidir.

Bu salgytdan boşadylýan şahslar barada salgyt kodeksiniň 187 maddasynyň 5 bölüminde beýan edilýär.

Maddy peýda ýa-da sosial eşretler düşünjesi

Girdeji hökmünde alynmadyk emma salgyt hasaplanmaga degişli bolan amallar - maddy peýda ýa-da sosial eşretler diýlip hasaplanýar​. Salgyt kodeksiniň 185 maddasyna laýyklykda olara – ýeňillikli bahalardan harytlaryň satyn alynmagy, peseldilen göterim boýunça alnan karz, hasapdan öçürilen bergiler girýär.

Salgyt hasaplamaga degişli bolmadyk girdejiler

Salgyt kodeksiniň 187 maddasyna laýyklykda salgyt tölenmäge degişli bolmadyk girdejilere – raýatlaryň banka goýan depozitlerinden alýan göterimleri, iş sapary üçin tölegler, kompaniýalaryň raýatlara edýän maddy kömekleri eger bahasy Türkmenistanda salgytlary we ýygymlary hasaplamak üçin bellenilen binýatlyk mukdaryň on essesinden ýokary bolmadyk ýagdaýynda, döwlet tarapyndan bellen hemaýat pullardan, şahsdan pul we natural görnüşinde galan mirasdan, adam ömrüne we saglygyna ýetirilen zyýanyň öwezini dolma töleginden, alimentlerden, şahsy adamlaryň satýan emläklerinden, şahsy hojalyklarda ösdürilip ýetişdirilen oba hojalyk önümlerinden we maldarçylykdan alnan girdejiden, grantlardan​ we alnan karz pullardan girdeji salgydy tölenmeýär.

Özbaşdak hünär hyzmatlaryndan girdeji gazanýan şahslar, salgyt kodeksiniň 189 maddasy esasynda, hyzmaty ýerine ýetirmek üçin eden çykdajylaryny salgyt hasaplananda girdejiden şol çykdajy möçberi azaltmaga​ rugsat berilýär olara - eger girdeji aksiýalardan alnan bolsa amal boýunça edilen çykdajylar, awtorlyk we gaýry intellektual hukuklara degişli amallar boýunça edilen çykdajylar. Çykdajylary resminamalar esasynda tassyklanmalydyr. Tassyklanmadyk ýagdaýynda 189 maddada bellenilen göterim möçberinde aýyrmaga rugsat berilýär.

Salgydy hasaplamagyň we tölemegiň şertleri

Girdejiniň alnan güni, girdejiniň hakyky alnan senesi hasaplanýar. Daşary ýurtly raýatlar her ýylyň 1-nji aprelinden gijä galman, ýerli raýatlar bolsa her ýarym ýyldan ýa-da her ýylyň netijesi boýunça gazanan girdejileri we çykdajylary baradaky maglumatlary beýannama esasynda ýazga duran ýeri boýunça salgyt gullugyna tabşyrýar. Eger ýerli raýatlar​ edara-kärhanada işleýän bolsalar, olaryň adyndan onuň edarasy ýa-da kärhanasy tabşyrýar. Daşary ýurtly raýatlar eger salgydy öz ýurdunda töleýän bolsa, gerekli proseduralary​ geçiren ýagdaýynda salgytdan boşadylýar.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42