«Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy

147
     Golaýda welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň elektroenergetika kuwwaty» atly kitabynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Oňa mekdebiň mugallymlary, talyp ýaşlary uly höwes bilen, işjeň gatnaşdylar. Dabarada mekdebiň direktorynyň orunbasary Rejepnazar Taganow, mekdebiň mugallymy Begmyrat Myratdurdyýew, talyby Mukaddes Alaminowa dagy çykyş edip, Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän bu kitabynda Türkmenistanyň elektroenergetika ulgamyny ösdürmek baradaky başlangyçlary, üns berýän ugurlary, onda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalaryň, iri taslamalaryň Garaşsyz ýurdumyzyň ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylmagyna goşýan goşantlary hakynda düýpli maglumatlaryň bardygy, olary öwrenmegiň ähmiýeti hakynda durup geçmek bilen, Gahryman Arkadagymyza ajaýyp eseri peşgeş berendigi üçin köp sagbolsun aýtdylar.
Abdy HANGELDIÝEW,
mekdebiň mugallymy, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42