«Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşy

55
      Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýaşlaryň sagdyn, berk bedenli bolup ýetişmeklerini üpjün etmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek, ýaşlaryň sport bilen meşgullanmagyny gazanmak maksady bilen, Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde «Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy» atly sport ýaryşy geçirildi. Ýaryş oglanlaryň we gyzlaryň arasynda aýratynlykda geçirilip, onda talyplar stoluň üstünde oýnalýan tennis, daş götermek, tanap çekmek boýunça özleriniň ukyp-başarnyklaryny görkezdiler. Oglanlaryň we gyzlaryň arasynda toparlaýyn geçirilen ýaryşlarda mekdebiň I ýyl talyplary ýeňiş gazanmagy başardylar. Ýaryşda ýeňiji bolan toparlara mekdebiň kärdeşler arkalaşyklarynyň ilkinji guramasy tarapyndan sowgatlar gowşuryldy.
Rejepgeldi HUDAÝGULYÝEW,
welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Paýlaş

Salgymyz:

Daşoguz welaýaty, Daşoguz şäheri, Merkez-1 şäherçesiniň 5/2-nji jaýy.

Дашогузский велаят, город Дашогуз, 5/2 Центра-1.

Dashoguz province, Dashoguz city, 5/2 of Merke-1.





Telefon belgiler:
(322 ) 9-09-22, 9-09-42