“Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly” atly amaly maslahat geçirildi
54 Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň mejlisler zalynda talyplaryň we mugallymlaryň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda “Ýaşlygyň we ýeňişleriň ýoly” atly amaly maslahat geçirildi. Bu amaly maslahatda mekdebimiziň mugallymlary R.Taganow, A.Abylow, B.Mýatdurdyýew we Ý.Sapardurdyýew we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Ş. Haýytjanowa, şeýle hem mekdebimiziň “Maliýe we karz” hünäriniň 104-nji toparyň talyby D. Ataşowa we Ü. Hanekowa dagylar çykyş etdiler.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy netijesinde, Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde her ýyly döwrebap atlandyrmak täze taryhy döwürde-de mynasyp dowam etdirilýär. Şoňa görä-de şu ýylyň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip atlandyrylmagynda hem halkymyzyň Arkadagly Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza, eziz Watanymyza bolan belent söýgüsi ýurdumyzyň röwşen geljeginiň ýaşlar bilendigine bolan mizemez ynamy aýratyn şöhlelenýär. Hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagy bilen geçirilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda ýurdumyzyň ýaşlarynyň teklipleri, pikirleri, isleg-arzuwlary esasynda taýýarlanan «Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiziň tabşyryklary esasynda degişli edaralarda ýörite bölümleriň döredilmegi bilen, ýaşlar syýasatynyň guramaçylyk esaslary kesgitlenildi.
Ýurdumyzda «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» kabul edildi. Onuň çäklerinde kämil, berk bedenli we ruhy taýdan sagdyn, öz halkynyň taryhyny, medeniýetini we däp-dessurlaryny hem-de mizemez maşgala gymmatlyklaryny hormatlaýan şahsyýeti kemala getirmäge gönükdirilen anyk çäreler görülýär.
Hormatly Prezidentimiziň Ýaşlar guramasynyň gurultaýyndaky çykyşynda: «Beýik maksatlara ýetmek üçin her bir ýaş ynsan zähmeti baýdak edinmelidir» diýen ganatly sözleri ýaşlarymyzy ýurdumyzy ösüşleriň belent sepgitlerine ýetirmekde has-da ruhlandyrdy. Ýurdumyzyň ýaş neslini watançylyk ruhunda terbiýelemek bilen bir hatarda, olara taryhy ösüşiň esasy maksatlaryny, häzirki zaman meýillerini, döwlet syýasatynyň ugurlaryny düşündirmäge, häzirki taryhy döwürde ýaýbaňlandyrylan ägirt uly özgertmeleriň many-mazmunyny açyp görkezmäge uly üns berilýär.
Daşoguz welaýat maliýe-ykdysady orta
hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Abylow Aşyr