Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine okuw gezelenç
73 Mekdebimiziň “Buhgalterçilik hasaba alnyşy” hünäriniň 101-nji we “Maliýe we karz” hünäriniň 103-nji toparlarynyň talyplary we topar ýolbaşçylary, mugallymlar Laçyn Muradowanyň we Täçnabat Annaýewanyň ýolbaşçylygynda Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýine okuw gezelenjine gitdiler. Okuw gezelenji diýseň täsirli geçdi. Muzeý 3 gatdan ybarat bolup, onda sergi zalynyň 6-sy bar. Daşoguz welaýatynyň taryhy ýadygärliklerinden tapylan tapyndylary bir ýere jemlemek, olary gorap saklamak we rejeleýiş işlerini geçirmek üçin häzirki zaman talaplaryna laýýyk gelýan gaznahanalar, çeper-rejeleýiş we dikeldiş ussahanalary, mahabatlandyryş-neşir işleri üçin enjamlaşdyrylan otag, barlaghana bar.
Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýi- bu biziň ýurdumyzyň medeni ösüşleriniň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan ýene bir sahypa boldy. Muzeý ekspozisiýasynda bagtyýarlyk döwründe Daşoguz welaýatynyň ykdysady we medeni ösuşi baradaky maglumatlar, welaýatyň taryhy ýerlerinden tapylan muzeý gymmatlyklary, maddy we ruhy gymmatlyklar, tebigata degişli gymmatlyklar, şekillendiriş sungatynyň eserleriniň seýrek nusgalary jemlenendir. Muzeýde jemi 11 300-den gowrak gymmatlyk goralyp saklanylýar, olaryň içinde has gadymy we sünnälenip dokalan halylar we haly önümleri aýratyn orna eýedir.Muzeýa gezelenç edip köp taryhy ýadygärlikler bilen tanyşmak bizde uly täsir galdyrdy.
Pursatdan peýdalanyp, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bize şular ýaly uly mümkinçilikler döredip berendikleri üçin köp sagbolsun aýdýarys. Goý, olaryň jany sag, ömri uzak tutýan tutumly işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.
Daşoguz welaýat maliýe ykdysady
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy Muradowa Laçyn